hüwi

Awuny gijelerine alýan, ullakan, tegelek, sary owadan gözli, çüňki egri ýyrtyjy guş.

  • Obanyň uludan-kiçä hemmesi, edil hüwiniň gözüne aşyk bolan guşlar ýaly, duran ýerinde onuň töweregine aýlanýardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem hüwi - hüwüde, hüwüler, hüwüsi.