hüwdi

Ýaş çagany uklatmak üçin pessaý heňli aýdylýan aýdymjyk.

  • Bu sözler Ýagşymyrada süýt beren ejäniň hüwdüsi ýaly bolup lezzet berýärdi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  • Täze ýerde hüwdüler-de Täze sözdür, täze heň. (B. Seýidow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem hüwdi - hüwdüde, hüwdüler, hüwdüsi.