hünji

Sapaga düzülip boýna dakylýan dürli reňkli monjuk.

  • Gülen wagtlarynda ak owadan dişleri hünji ýaly bolup görünýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem hünji - hünjüde, hünjüler, hünjüsi.