hünärment

Bir hünär, kär, senet bilen meşgullanýan adam, senetkär.

  • Käbiri hünärment, käbirisi batrak. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Ýüzlerçe hünärmentler ýetişdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hünärment - hünärmendi.