hüžžertmek işlik

  1. Bulam-bujar etdirmek, bulaşdyrtmak, hüwjük etmek.

    • Akgözel saçlaryny pozzam oýnalan çal telpek ýaly hüžžerdip aglady. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Haýbat atdyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hüžžertmek - hüžžerdýär, hüžžerder, hüžžerdipdir.