hüňek

Könelişen söz Jaýda, diwarda we ş. m. ýerde edilýän şemal çykar ýaly deşik, köwek.

  • Ussanyň dükanynyň hüňeklerinden tozanly köwsar urup, jaýyň içine aýlanýardy. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Köşkler, galalar minaraly we hüňekli beýik diwarlar bilen gurşalýar eken. (Orta Asyrlar Taryhy)

  • Şol jülgä inen ýerimizde kömür gazylýan bir hüňegiň agzyna bardyk. («Sowet Türkmenistany» gazýeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hüňek - hüňegi.