hözir

[hözi:r]

Bir zatdan görülýän haýyr, ýakym, lezzet, kömek, eşret.

  • Içinde ýaşamagyň höziri bolmadyk gara öýi otlaryn. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Senden görýän hözirimi men olaryň hiç birinden göremok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hawa, sakgaldaş, maşynyň kemi ýok. Hözirini özüň gör! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)