höwür1

Hemra, ýoldaş, ýaran, bile gezýän.

  • Obanyň ähli çagalary Gajar agany söýýärdiler we ony hormatlaýardylar, gyşyn-ýazyn Gajar aganyň höwri hem şol çagalar bolýardylar. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Myrat bolsa özüniň ýakyn dosty hem hemişelik höwri bolan ak erkeginden aýrylmagy gaty kyn görýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we Hekeýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem höwür - höwrüm, höwrüň, höwri.

höwri köp bolsun!

Sygyr, goýun we ş. m. eldeki mallar guzlanda, gutlag hökmünde mal eýesine aýdylýan alkyş.

  • Eje sygryň guzladymy?! Höwri köp bolsun! diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

höwür2

Öndüriji, erkek (esasan at, düýe ýaly mallar barada).

  • Höwür at.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem höwür - höwrüm, höwrüň, höwri.

höwre goýmak

Baýtal, arwana, goýun, geçi ýaly mallary öndüriji erkek mallaryň ýanyna goýberip çaknyşdyrmak.

höwür seçmek

Emişdirilen owlak-guzyny enelerinden aýyrmak, seçmek prosesi.

höwürden çykmak

Çaknyşmak prosesi bolup geçmek, gutarmak.

  • Täze usulda çykardyk biz höwürden -- diýip, olar köp goýberen goç, teke. («Tomak» žurnaly)