hörek

Gepleşik dili Iýmit, nahar.

  • Bir soldat hapa gapda getiren höregini hem-de edil gara palçyga meňzäp duran tokga bir zady öňünde goýup gitdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Aňsat iýjekdir taýýar çöregi, Çörek ýerne gülle boldy höregi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem hörek - höregi.