höçjetlik

Keçjallyk, dikdüşdülik, kesirlik.

  • Heý, şeýle-de höçjetlik, heý şunuň ýaly-da erjellik bolarmy? ! -- diýip pyşyrdady. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Ol çala sowatly, galmagalçyrak adamdy, her bir täzeligi göwünsizlik, höçjetlik, bilen kabul edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem höçjetlik - höçjetligi.