höçjet

Edilýän zadyň tersine gaýdýan, içýakgyç, keçjal, dükdüşdi, kesir.

  • Gör, bu nähili höçjet! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Çünki men onuň baryp ýatan höçjetdigini, keçjal hem urup aglaýanlardandygyny bile okaýarkam bilipdim. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem höçjet - höçjedi.