häzir hal

  1. Şu wagt, şu wagtyň özünde.

    • Men häzir ýeke-de bolsam, mende millionyň ynanjy bardyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Oglanlar, biz häzir hiç zat edip bilmeris! (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň Gürrüňi)

    • Häzir mekdebiň okuw-tejribe uçastogy ekin ekilmegine doly taýýarlandy. («Mydam Taýýar» gazýeti)

  2. Şundan biraz öň, ýaňy.

    • Häzir ýygnakda hemmesini aýtmadylarmy näme?! (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  3. Taýýarlanyp goýlan, taýyn, taýýar.

    • Onuň bir daban ýeri üçin men janymy bermäge häzir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

häzir bolmak

  1. Ätiýaçly bolmak, seresap bolmak, hüşgär bolmak.

    • Ahaw, häzir boluň, adammyka beri?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bişmek, ýetişmek.

    • Nahar häzir boldy, orta bir çanak palaw geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Peýda bolmak, ýüze çykmak, gelmek.

    • Birden gökden düşen ýaly bolup, bularyň goşunda üç atly bir pyýada-dört sany ýaragly adam häzir boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)