gyzzyrma1

Medisina Iniňi tikenekledip, üşedip, endamyň gaty gyzmaklygy bilen ýüze çykýan kesel, ysytma.

  • Gyzzyrma keseline garşy göreşde olaryň ähmiýeti uludyr. («Ýaş Kommunist» gazeti)

  • Ol soňabaka edil gyzzyrma tutýan ýaly galpyldap başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

gyzzyrma tutmak

Gyzzyrma keseli bilen kesellemek.

  • Men şu gün ýaramok, agşam gyzzyrma tutdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

gyzzyrma2

Aldyrylmadyk hamyrdan saçda we ş. m. bişirilýän ýukajyk çörek.

  • Oglan kakasyna gyzzyrma eltip, ony iýmegini soraşýar. («Mydam Taýýar» gazeti)