gyzyletene

Heniz uçurym bolmadyk, ýelek çykarmadyk (çaga guş hakda).

  • Heniz tüýüni ýetirmedik, gyzyletene çaga guşlaryň jürrüldeýen sesleri eşidildi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

  • Höwürtgedäki ýumurtgajyklary iýmegi, gyzyletene çagajyklary awlamagy gowy görýän jandarlaryň biri-de ýylandyr. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

  • Bu guşy gyzyletenekä tutduk, indi albaýa goýberýäris.