Gan reňkindäki reňk.
Neşder urup, gyzyl ganyň dökse-de, Çydadyk biz, çüňki zar eden kanun. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ak üzüm gyzyl üzüm bilen bile bişipdir. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Ýumruk salşyp uruşmak, ýumruklaşmak.
Biz iki tarap bolup gyzyl ýumruga girdik. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)
Himiki element, lowurdap duran sary reňkli gymmat baha metal, altyn, tylla.
Köşgüň gyzyl çaýylan gapysy örän uly. («Mydam taýýar» gazeti)
Gyzyl görse, Hydyr azar. (nakyl)
Göçme manyda Örän gowy, gymmatly.
Bu hasyl duran bir gyzyldyr.
Atylyp alnan bugdaý harmany.
Ýakynda atyp taýýarlan gyzylyňyz bar bolsa, bar, atlara iýmlik getir! -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Keýpiň kök bolmak, şatlanmak, begenmek.
Hojaýyn, kaşgar çaýyny bermeseň boljak däl, biz-e gaty ýadadyk! -- diýip, gyzyl tapan ýaly ýyljyraklap, tirsegine gyşardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Örän owadan, görmegeý, gymmat.
Ol gyzyň özi iş geýiminde bolsa-da, iş geýiminiň içinde gyzylyň gyryndysy ýaly bolup görünýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)