Höwes bilen, yhlas bilen ýapyşmak, üns bermek, höweslenmek, gyzyklanmak.
Iki atyň haýsynyň ökde çykjagyna hemmeler gyzygýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Süri boljak diýeniňiz dogry welin, sakçy goýup arkaýyň bolsaňyz, goýan sakçyňyz uklar ýa-da ota gyzygar. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Azajyk dymandan soň, ol hem podpolkownigiň gyzygan sowallaryny berip başlady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ol oglan gyzygyp oýnaýardy. («Mydam taýýar» gazeti)
Olaryň arasynda gürrüň gyzykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gyzykmak - gyzygýar, gyzygar, gyzygypdyr.