gyzykly sypat

Gyzygy bar bolan, şatlykly höwes döredýän, höweslenerlik, gyzyk.

  • Bu zatlaryň hemmesinden soň gyzykly gürrüňlere başlamak bu maşgalada adat bolup galypdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Menem saňa her geleňde iň gyzykly kitaplary saýlap berýärin. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)


Duş gelýän formalary
  • gyzyklydy
  • gyzyklydygy
  • gyzyklydygyny
  • gyzyklydyr
  • gyzyklyja
  • gyzyklylaryny
  • gyzyklylarynyň
  • gyzyklylygy
  • gyzyklylygymy
  • gyzyklylygyny
  • gyzyklylygynyň
  • gyzyklylygyňyzam
  • gyzyklylyk
  • gyzyklymy
  • gyzyklyrak
  • gyzyklysam
  • gyzyklysy