Bir işi bilmekde, etmekde de güýçli höwes döremek, meşgul bolmak, höweslenmek.
Ýeri, ýeri yzyny aýt-la! -- diýip, Derýaguly gyzyklandy. («Kolhoz günleri»)
Gürrüňçilik hem durdugyça gyzyklanýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Puşkiniň çeper edebiýat bilen gyzyklanmagy günsaýyn artýardy. («Edebiýat»)
Belki, bu mesele bilen başga-da gyzyklanýan adamlar bardyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)