Biriniň bir zada bolan höwesini artdyrmak, höwesini güýçlendirmek, gyzyklandyrmak.
Artyk Babalynyň bir nätanyş milisionere gerekligi Iwan Timofeýewiçi has hem gyzykdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Artyk, öz ýüregini açyp, bütin ýagdaýlary mälim etdi-de, ony özüne gyzykdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Üstlerine abanyp gelýen ullakan howp olaryň hiç birini gyzykdyrman, ownuk meseleler barada bolgusyz gürrüň etdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Öjükdirmek, hyjuwyny artdyrmak.