gyzyk gy‧zyk at

Keýpli, hezil, geň.

  • Meseläniň gyzyk ýeri biziň zagyrdyklaşanymyzda däl. («Tokmak» žurnaly)

  • Wepanyň goşgular ýazýan depderiniň içinden şeýle bir gyzyk zat çykdy: bir tegelek ýüpek mata, onuň iki ýan tarapyna-da keşde edilipdir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Ikisiniň açan gürrüňi gyzyk, Bir-biriniňkä düşmez, haýsynda ýazyk. («Oktýabr ýalkymy»)

  • Sen gaty gyzyk adam. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyzyk - gyzygy.


Duş gelýän formalary
  • gyzygam
  • gyzygy
  • gyzygyn
  • gyzygyna
  • gyzygynamy
  • gyzygyny
  • gyzygynyň
  • gyzygyň
  • gyzykdy
  • gyzykdylar
  • gyzykdym
  • gyzykdymy
  • gyzykly
  • gyzyklydy
  • gyzyklydyr
  • gyzyklylaryny
  • gyzyklylarynyň
  • gyzyklylygy
  • gyzyklylygymy
  • gyzyklylygyny
  • gyzyklylygynyň
  • gyzyklylygyňyzam
  • gyzyklylyk
  • gyzyklymy
  • gyzyklymyka
  • gyzyklysam
  • gyzyklysy
  • gyzyksyz
  • gyzyksyzdy
  • gyzyksyzlyk