gyzmak işlik

  1. Temperatura, gyzgynlyk derejesi ýokary galmak.

    • Gün dogup, eýýäm howa gyzyp ugrapdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Dargursaklyk etmek, gaharyň gelmek, girriklik etmek.

    • Ol tiz gyzýardy, sözleýärdi, öýkeleýärdi, tiz-de sowaýardy, mylaýymlanýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Nädogry işe ganym gyzyp başlady. («Tokmak» žurnaly)

  3. Göçme manyda Gyzgalaňly bolmak.

    • Bazar ýaňyja gyzyp başlanda, Myrat ýolagçylaryň gelmegine garaşýardy. («Mydam Taýýar» gazeti)

  4. Göçme manyda Bir zada gaty höweslenmek, höwesiň artmak.

    • Köplük bugdaýa gyzar-da esasy mesele zyýan berer.

çeti gyzmak

Gahary gelmek, gaharlanmak.

kelle gyzmak

seret kelle

pula gyzmak

seret pul

  • Pula gyzyp, satma meni mal ýaly. (B. Kerbabaýew, Aýlar)