gyzlyk gyz‧lyk

[gy:zlyk]

  1. Aýal maşgalanyň durmuşa çykmazyndan ozalky ýagdaýy.

    • Emma gyzlyk ejaby, onda-da bir ýany Artyk bolandygy üçin, ol şol sözüni aýdyp bilmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýa gyzlyk gelinlik bilen degşenden soň, gylyk hem üýtgeýärmi? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Maşa gyzlyk çagyny hemişelik goýup gitmelidi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  2. Öweý ejäniň ýa-da öweý kakanyň gyzy.

    • Soltan Nepes aganyň gyzlygydyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyzlyk - gyzlygy.


Duş gelýän formalary
  • gyzlyga
  • gyzlygy
  • gyzlygydyr
  • gyzlygymy
  • gyzlygymyzdaky
  • gyzlygyna
  • gyzlygyny
  • gyzlygynyň
  • gyzlygyňdan
  • gyzlykdan