gyzgyn gyz‧gyn sypat

  1. Sowuk däl, örän yssy; ýokary temperatura.

    • Gyzgynyň ýok, Ýagmyr, me, atyr ysga! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Zawodyň esasy agregaty bolan pejiň gyzgyny ýokary dereje ýetip ýarylypdyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Gündiziň gyzgyn howry sowlup, gije salkynlaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gyzgyn epgek sepe bilmez gurakçylyk tohumyny. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Gyzgyn çaý. Gyzgyn suw.

  2. seret gyzgalaňly

    • Şol adamlar gyzgyn söweşden-de gaýtjak adamlar däldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Artyk olaryň gyzgyn jedellerini eşidende: --Bu nähili güýç? -- diýip oýlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Dükanda gyzgyn söwda gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Bularyň arasynda gürrüň has gyzgyn barýarka Jemal geldi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

gany gyzgyn

seret gan

  • Gadam örän ýaş ýigit, gany gyzgyn ýigit. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

gyzgyn ganly

seret gany gyzgyn gany gyzgyn

  • Gyzgyn ganly adam sähelçe bir zaga gaharlanýar. («Türkmen pýesalary»)

üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly bolmak

seret suw

  • Meniň üstümden gyzgyn suw guýlan ýaly boldy, inim jigläp gitdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • gyzgyna
  • gyzgynam
  • gyzgynda
  • gyzgyndan
  • gyzgyndy
  • gyzgyndygyna
  • gyzgyndyr
  • gyzgynja
  • gyzgynlar
  • gyzgynlara
  • gyzgynly
  • gyzgynlyga
  • gyzgynlygy
  • gyzgynlygyna
  • gyzgynlygynda
  • gyzgynlygyndan
  • gyzgynlygyny
  • gyzgynlygynyň
  • gyzgynlygyň
  • gyzgynlyk
  • gyzgynlykda
  • gyzgynlykdan
  • gyzgynlylyga
  • gyzgynrak
  • gyzgyny
  • gyzgynym
  • gyzgynyna
  • gyzgynyndan
  • gyzgynyny
  • gyzgynynyň
  • gyzgynyň
  • gyzgynyňam