gyzgylt

Gyzyl öwüsýän, çala gyzyl.

  • Pürli ýylgynlaryň gyzgylt güllerinden olaryň burunlaryna ýakymly ys urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Özüne göwni ýetýän adam äwmezlik bilen gyzgylt saçlaryny daramaga durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Gyzgylt mata. Gyzgylt reňk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyzgylt - gyzgyldy.