Gyzgyn joşgunly, göçgünli, şowhunly.
Töwerekde gyzgalaňly hereket höküm sürýär. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Sowet başlygynyň mahorka tütüni bilen doly kabinetinde gyzgalaňly gürrüň gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Häzir gyzgalaňly günler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Şunuň ýaly gyzgalaňly wagtda kem-kes nadaralygyň hem peýda edýän ýeri bolman durmaz. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)