gyzgalaň at

Gyzgyn höwes, gyzgyn joşgun, depgin, göçgün, şowhun.

  • Söweş gyzgalaňy bilen gyzan göwre1er tämiz howanyň çigregini ýaňy syzyp başlaýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Olar öz oýunlarynyň gyzgalaňy bilen daş-töwereklerinde gopgun, tursa-da duýmaýardylar. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)