gyzdyrmak işlik

  1. Ýokary derejede yssylyk bermek.

    • Soňabaka ýörite ýasalan demirleri gyzdyryp, munuň endamyna dag basmaga başladylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Temperaturanyň artmagy, gyzgynyň ýokary galmagy; pugta ýylytmak.

    • Men öten agşam ýaman gyzdyrdym.

göz gyzdyrmak

seret göz

  • Belki, Ýelli Pökginiň gyzy Bahara göz gyzdyrýandyr, kim bilýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

söwda gyzdyrmak

seret söwda

  • Söwdany gyzdyrmak üçin çalyşmak.