gyzarmak işlik

  1. Gyzyl reňke öwrülmek, gyzyl reňke geçmek, gyzgylt öwşün atmak; gan öýmek.

    • Gamçynyň degen ýerleri zaw-zaw bolup gyzardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gowaçalaryň uzynja baldaklary toplum durnalaryň injikleri ýaly gyzarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Şapak, hem gyzaryp, gujagyn açdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Gyzaryp tenim görnenden, agaryp ýaman görünsin. (nakyl)

  2. Ýokary temperatura zerarly köz ýaly gyzyl bolmak, çym gyzyl bolmak (demir we ş. m. hakda).

    • Körüge sokan simleriň-de köz ýaly gyzarypdyr.

  3. Göçme manyda Gahar gelmek, gaharlanmak.

    • Halnazaryň gazaby içine sygmady, gyzardy, damarlary tarsyldap urdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Annatuwak, sen nähak gyzarýarsyň, rahatlan! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gözüň gyzarmak

seret göz

  • Onuň gyzaran, dumanly gözleri ýagtylan dek boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Seniň päliň azyp, gözüň gyzarypdyr.

ýüzüň gyzarmak

seret ýüz1

  • Onuň ýüzi gyzardy, çekge damarlary tisgindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sapa hem ýaltalyk etmese, köpçüligiň öňünde meniň ýüzüm gyzarmazdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ol nähili ýadygärlik, neneňsi zat! -- diýdi we ýüzi çalaja gyzardy. (A. Gowşudow, Eserler)