gyz

[gy:z]

Aýal jynsly perzent; durmuşa çykmadyk aýal maşgala.

  • Özi gyzmy ýa dulmy? («Görogly» eposy)

  • Gurduň nazary wraç aýallaryň arasynda duran bir gyza dikildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Aşy ajygana ber, gyzy -- aşygyna. (nakyl)

  • Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim, sen eşit. (nakyl)

  • Gyzyň ysy -- gülüň ysy. (nakyl)

  • Gyz ýagşysy «gyşyk» çatmadan çykar. (nakyl)

  • Gyzy baryň näzi bar. (nakyl)

  • Gyzly gyzyldan doýmaz. (nakyl)

  • Gyzlar göwni -- gyzan gazan. (nakyl)

  • Gyzarana «gyz» diýerler, agarana -- «biz». (nakyl)

  • Gyzym öýde, gylygy daşarda. (nakyl)

  • Gyz maşgalanyň erki enede bolar. (nakyl)

  • Gyzyň urdugy -- hudaýyň berdigi. (nakyl)

gyz çykarmak

Gyzy durmuşa çykarmak, äre bermek.

  • Ogul öýlendirin, gyz çykararyn. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)

gyz gaýtarmak

Gaýtarmany, çuwalgyzy gaýyn öýlerine eltmek (köne däp boýunça).