gysgançlyk

Jomart dällik, gysyklyk, husytlyk.

  • Gerek bolsa janymy-da bererin, Şeýle wagtda gysgançlyk ol ne ýaman. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gysgançlyk - gysgançlygy.