gysga sypat

[gy:sga]

  1. Uzynlyk ýa-da boý taýdan ýeterlik derejede bolmadyk, uzyn däl, kelte.

    • Biri gysga bolsa, birisi uzyn. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Bu ýüp gaty gysga.

  2. Göçme manyda Az, sähelçe (wagt hakynda).

    • Wagt gysga bolýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Türkmenistanyň teatral sungaty gysga wagt içinde ýokary derejä göterildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)