gyrylmak işlik

  1. Kesilmek, ýolunmak, üzülmek.

    • Onuň üstünden guş bolup uçsaň, ganatyň gyryljak. (Myraly)

    • Ondan soň olar gyrlan zynjyry seplemäge başladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Gyryk çykmak, bogulmak, garjaşmak (ses hakynda).

    • Sesiň gyrlypdyr.

  3. Köpçülikleýin ölmek, ölüp gutarmak.

    • Gyrylýanlar, yzyna çekilýen otrýadlar barada Çernyşowyň ştabyna yzly-yzyna aýylganç habarlar gelýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Gyşyna bir siňek hem galman gyrlar.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gyrylmak - gyrlar, gyrlypdyr.