gyrpyldatmak işlik

Gabagyňy birsyhly açyp-ýummak, gyrp-gyrp etmek.

  • Gözleriniň gabaklaryny gyrpyldadýardy. («Kolhoz günleri»)

  • Jemşit gözlerini gyrpyldatdy. (N. Jumaýew, Syrly gala)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyrpyldatmak - gyrpyldadýar, gyrpyldadar, gyrpyldadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • gyrpyldadan
  • gyrpyldadanda
  • gyrpyldadyp
  • gyrpyldadýardy
  • gyrpyldatdy
  • gyrpyldatdy-da
  • gyrpyldatmagyny