gyrpyldamak işlik

  1. Gyrp-gyrp etmek, gabak açylyp-ýumlup durmak (göz hakda).

    • Jepbar sözleýen wagtynda, bulaşyk kirpikleri dynuwsyz gyrpyldaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Asuda hereket etmek, ülpüldemek, ýylpyldamak.

    • Garaňkyda gyrpyldaýan tanyş otjagazlar peýda boldular. («Mydam taýýar» gazeti)