gyrpajaklatmak işlik

Gözüňi gyrp-gyrp edip durmak, yzly-yzyna gyrpyp durmak.

  • Pýotr kiçiräk gözlerini gyrpajakladyp, Wepa baka dikdi. (A. Gowşudow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyrpajaklatmak - gyrpajakladýar, gyrpajakladar, gyrpajakladypdyr.