gyrmança

Sil gelen ýa-da güýçli suw akan ýer gurandan soň, suw bilen akyp gelen toýunly toprakdan emele gelýän bölek-bölek gatlak.

  • Suw gaýtgynyndan soň jülgede gyrmança galýar. (Gadymy dünýä taryhy)

  • Çaryýar barýar ortaradan, Gyrmança egri dyzyndan. (Çary Aşyr, Poemalar)


Duş gelýän formalary
  • gyrmançada
  • gyrmançadaky
  • gyrmançadan
  • gyrmançalar
  • gyrmançalardan
  • gyrmançalary
  • gyrmançalaryndan
  • gyrmançalarynyň
  • gyrmançalaryň
  • gyrmançaly
  • gyrmançalyk
  • gyrmançalylygy
  • gyrmançany
  • gyrmançanyň
  • gyrmançasy
  • gyrmançasynyň