gynanç at

[gy:nanç]

  1. Agyr ýitgi zerarly emele gelýän gam-gussaly duýgy, gam, gussa.

    • Beýik rus halkynyň görnükli şahyry Puşkiniň aradan çykmagy bütin halkda gynanç döredýär. («Edebiýat»)

    • Ol hemişe halkyň içinde gezeni üçin, halkyň meýli, niýeti, şatlygy, gynanjy oňa aýandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aýal doganynyň gynanjy hem onuň üstesine boldy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  2. Bir zat hakda döreýän ökünç, ahmyr.

    • Ýoldaş Akmämmedow, bu ýerde meniň günäm näme? -- diýip, ol sesini saňňyldadyp geplemek bilen ähli gynanjyny ýüze çykardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gynanç - gynanjy.

gynanç bildirmek

Biriniň gynanjyna duýgudaşlyk bildirmek.