gymyldatmak işlik

[gy:myldatmak]

Bir zady çala yrgyldatmak, ýerinden gozgamak.

  • Emma ol gözleriň eýesi süýem barmagyny gymyldadyp, ony özüne bakan çagyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Be, şeýlemi? -- diýip, ýuka dodaklaryny çala gymyldatdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gymyldatmak - gymyldadýar, gymyldadar, gymyldadypdyr.