Nyrhy hakyky bahasyndan artyk bolan.
Arzan bolmadyk.
Ýüzi gara Bibijamal şunuň ýaly gyzyldan gymmat äriň gadyryny bilenok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Çaňňalaklaň aýry gymmaty bardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýoldaş leýtenant, siz meni ölümden gutardyňyz, men bu ýagşylygyňyzyň gymmatyna düşünýärin. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Komissiýalar bolsa bäşje minut synlap, seniň işiňe gymmat goýjaklar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gymmat - gymmady.
seret wagt
Biz gymmat wagty elden berýäris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)