Durmuşda özüňi alyp baryş, häsiýet, reje.
Onuň ýeke geplilik, edäýmek gylygy hem bardy. («Kolhoz günleri»)
Onuň içki gylygy hem birneme üýtgäpdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gurt özüniň hemişeki gylygyna göre hiç bir gürrüňini nakylsyz ýa-da mysalsyz aýtmaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Men sen geleliň bäri saňa syn edýän weli, seniň obadaky gylyklaryň hälem dowam edýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Göçme manyda Howanyň, tebigatyň üýtgeýiş prosesi.
Howanyň gylygynyň geň däldigini aňdym. («Kolhoz günleri»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gylyk - gylygy.
Niýeti gowy dällik, päli erbetlik.
Pälwanyň gylygynyn geň däldigini bildi. (A. Durdyýew, Saýlanan zserler)
Gara dere batyp gelen Sadap baý onuň gylygynyň geň däldigini görüp, oňa ýapyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)