gylyç

  1. Polatdan ýasalýan uzyn egri, sowuk ýarag.

    • Birnäçe ýyllardan bäri dulda asylgy duran gylyjyny syryp daş çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Gylyç öz gynyny kesmez. (nakyl)

    • Gylyç gynynda ýatsa, poslar. (nakyl)

    • Gylyç ýarasy biter, dil ýarasy bitmez. (nakyl)

    • Gylyç göteren gylyçdan hem öler. (nakyl)

  2. Gulaç, dolak ýaly irimçik matalar dokalanda ulanylýan, argaç kakylýan dokma senedi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gylyç - gylyjy.

gylyçdan geçirmek

Gylyç bilen çapyp öldürmek.

  • Nädersiňiz, baryňyzy birden gylyçdan geçiräýsem! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)