gylaw at

  1. Gawunyň etiniň ýüzi, üstki gylawlap duran ýeri.

    • Gawunyň gylawyny aýryp iýmeli.

  2. Päkiniň iň ýiti ýeri, ýüzi.

    • Bu päkiniň gylawy gaýdypdyr.

gyl awalmak

Eden işiň bir gezek şowuna düşenine buýsanyp, zady äsgermezlik etmek, azmak.

  • Gylaw alyp, aňsat düşen ýeňişden, Watanyma etdi bu azan. (A. Kekilow, Egri Azar, Dogry Ozar)

gylaw bermek

Götergilemek, hyjuw bermek, azdyrmak.

  • Sen hem gylaw berme, Daňatar, oturjak bolsaň ümsüm otur! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)