Adamynyň we süýtemdirijileriň bedeninde bolýan inçejik tüý.
Artygyň murty towlama gelipdir, ýalaňaç eňegine bolsa iýmeşik gara gyllar örüpdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň kakasynyň çişen, yslanan göwresi, pakgaran ýüzünde dürterişip galan gyllary mäzleşik gözleriň öňünde oýnady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret dost
Aman poşy bilen Sähediň we olaryň maşgalalarynyň arasyndan gyl geçmez dostluklary şeýledi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Gulluk meselesinde we ş. m. işden çykaryljak-çykaryljak ýagdaýynda bolmak.
Çopanyň öz jany-da gyl üstünde durýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Edýän tamaňdan kesilmek, düýbünden tamaň çykmazlyk, bir zatdan umyt, tama etmezlik.
Menden saňa bulut ýakyn, -- diýip, Myrat çürt-kesik aýdandan soň, Taýlak Hyzzynyň tamasy gyl ýuwdan ýaly boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Heniz geýilmedik, örän täze, heniz ulanylmadyk.
Aýnanyň gyly gyrylmadyk, buzgunç ysly keteni köýnegi şowurdady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)