[gy:kylyk]
Gaty-gaty çykýan ses, çasly ses, galmagal, zenzele, gykuw.
Bular şol gykylyklary bilen alkymlap geldiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Tanapyň sypanyna gözi ilenden, gykylyk edip başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Olar öňki gykylyklaryny goýdular. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gykylyk - gykylygy.
Galmagal turmak, zenzele çykmak.
Töwerekden gykylyk gopdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)