gyjak

Gapak deregine kädisiniň ýüzüne ýary çekilen, perdesiz, üç kirişli syhalyp çalynýan saz guraly.

  • Bahar güni Garasuwuň boýuna seýre çykdyk, alyp gyjak, dutary. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Dutara goşulýar gyjagyň sesi, Sizi diňleýenleň artýar höwesi. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gyjak - gyjagy.