gygyryşmak gy‧gy‧ryş‧mak işlik

[gy:gyryşmak]

Bileleşip gygyrmak, köp bolup seslenmek.

  • Çarwa, çopan-çoluga Gahat bolup örüler, Tokaýda hem düzlerde gygyrşardy börüler. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Suwçular hem çoluk, ony görende, begenşip, gygyryşyp ýerinden galdy. (N. Pomma, Goşgular)


Duş gelýän formalary
  • gygyryşan
  • gygyryşanlarynda
  • gygyryşdy
  • gygyryşdy-da
  • gygyryşdyk
  • gygyryşdylar
  • gygyryşjak
  • gygyryşmagyna
  • gygyryşmagynda
  • gygyryşmagyny
  • gygyryşmak
  • gygyryşsalar
  • gygyryşyp
  • gygyryşypdyrlar
  • gygyryşýan
  • gygyryşýandygyny
  • gygyryşýanlara
  • gygyryşýanlaryny
  • gygyryşýardy
  • gygyryşýardylar
  • gygyryşýarlar
  • gygyryşýarsyňyz