gygyrmak işlik

[gy:gyrmak]

  1. Zowwam ses çykarmak, gaty ses emele getirmek, berk seslenmek.

    • Gygyryp, döşüni tutup, ökjäni göterdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  2. Biriniň adyny tutup çagyrmak.

    • Sähet! -- diýip, Aman poşşy gygyrýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Käýinmek, azgyrylmak.

    • Geleňsizler, bihepbeler! -- diýip, gygyranyny-da duýman galdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

    • Gulluhan Çernyşowyň sözüniň arasyna düşüp, ýene gygyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bigünä adamyň üstüne gygyrmak.

bogaz ýyrtyp gygyrmak

Örän gaty gygyrmak, bogazyňa sygdygyndan gygyrmak.

  • Bogazyny ýyrtyp, azaş gygyrmasy näme üçinkä? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)