gybat

[gy:bat]

Biriniň daşyndan edilýän nädogry, takyk däl gürrüň, myjabat.

  • Öýüň gözeneginde gybat edip oturan aýallar hem seredişdiler. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Gybatyny edip, ýamanlap oturan mahalynda Pökgüniň üstüne gelmegi Ýelliniň başyndan huşuny uçurdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Göreniň gybatyny etmekdenem bir akyllylyk bolarmy? (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)