[gy:şyk]
Duruş ýagdaýy göni däl, dim-dik däl, egri, kese.
Çagarygy gyşyk bolsa-da, tüssesi göni çykýandyr. (Myraly)
Ak telpegini gyşyk, geýip, eýläk-beýläk geçerdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gyşyk - gyşygy.
Biriniň alyp barýan syýasatyna närazylyk bildirmek, garşy çykmak.
Ol özüne gyşyk sereden adamlary tutup başlapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)