gyşarylmak işlik

[gy:şarylmak]

  1. Gyşaryp durmak, bir gapdala egrelmek, bir tarapa eglip, keserip durmak.

    • Köne telär gyşarylyp dur. Direk gyşarylypdyr.

  2. Ýaplanmak, kesermek.

    • Gyşarlyp iki daýhan Bir peliň gyrasynda, Şu hili gürrüň gidýär olaryň arasynda. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  3. Göçme manyda Öýke-kine etmek, göwün etmek, öýkelemek, torsarylmak.

    • Sen näme gyşarylýarsyň?